Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

22.02.2024

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz we beýleki ulgamlar sanly ulgamyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durnukly ösdürilýär. Jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagynyň bilim ulgamyndaky ähmiýeti has-da uludyr. Ýaş nesliň kämil tehnologiýalardan gowy baş çykarmaklaryny gazanmak döwrüň talabydyr. Şonuň üçinem bu meselä hemişe uly üns berlip, bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyryldy. Mekdepleriň multimediýa tehnologiýalary, kompýuterler bilen üpjünçiligi ýokarlandy. Okuwçylara bilim bermekde sanly bilim ulgamynyň amatlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy şu günüň ýokary talaby bolup durýar. Şonuň üçinem mekdebimizde multimediýa tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna ýeterlik üns berilýär. Sebäbi, ýaş nesliň mekdepde bilim alýan döwri öňdebaryjy tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarmaklaryny öwretmek olaryň uly geljegine ýardam etmekdir.

Okuwçylara bilim-terbiýe bermekde ýokary netije ilki bilen, mugallymyň başarnygyna, yhlasyna bagly. Has takygy, sapak wagtynda mugallym okuwçylaryň ünsüni özünde jemläp, sapagyň täsirliligini gazanmaga çalyşmaly. Ýaş nesliň ene dilini kämil derejede bilmegini gazanmagyň jogapkärçiligem bar. Sapaklaryň üstümizdäki ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşdyryp geçilmeginiňem ähmiýeti örän uludyr. Dana şahyrymyzyň şygyrlarynyň üsti bilen çagalara edep-terbiýäni öwretmegiňem bähbitli taraplaryny göz öňünde tutmalydyrys.

Aýbölek EMINOWA.

Mary şäherindäki maglumat tehnologiýalary programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 1-nji derejeli türkmen dili we edebiýat mugallymy.