Sport
22.02.2024
“Yhlasa — myrat” diýleni hakykat. Yhlas bilen zähmet çekseň, onuň rehnedini hem görýärsiň. Türkmen sportunyň ösmegi ugrunda şeýle yhlas bilen zähmet çekýän, işjanly tälimçileriň sanynyň köpdügi bizi diýseň begendirýär. Şolaryň biri-de Gulmyrat Gulowdyr.
Gulmyrat tälimçi 23 ýyl bäri ýaş türgenlere sportuň hapkido görnüşi boýunça tälim berip gelýär. Häzirki wagtda ol Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde tälim berýär. Gara guşagyň V danynyň eýesi, halkara derejeli emin hem tälimçi, Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň Hapkido görnüşi boýunça uly tälimçisi Gulmyrat Gulowyň tälim berýän türgenleri Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda, Türkmenistanyň açyk çempionatynda, Türkmenistanyň birinjiliginde, welaýatyň çäginde geçirilýän sport ýaryşlarynda ussatlyklaryny aýan edip, diňe ýokary netijeleri gazanýarlar. Türgenleriň bu üstünlikleri mugallymyň zähmetiniň ýerine düşýändigini aýan edýär.
Üstümizdäki — “Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda tälimçi Türkiýe döwletinde halkara derejesinde geçirilen hapkido boýunça seminara gatnaşýar. Ol bu ýerde Türkmenistan döwletimizde sportuň hapkido görnüşi boýunça dürli ýaryşlaryň geçirilýändigini aýdyp, ýaş türgenleriň sportuň bu görnüşine uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Şeýle-de, tälimçi bu ýerde Türkiýäniň ýaş türgenleri bilen türgenleşik okuwlaryny geçdi. Seminaryň dowamynda tälimçi gara guşagyň V danynyň eýesi diýlip yglan edildi. Gulmyrat Gulow geljekde türkmen türgenleriniň hapkido boýunça geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, üstünlik gazanjakdygyna uly ynam bildirýändigini biziň bilen söhbetdeş bolan pursaty aýtdy.
Biz hem öz gezegimizde tälimçä işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Sülgün ŞADYÝEWA.“Maru — şahu jahan”,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
SURATDA: Gulmyrat Gulow.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.