Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasyl ugrunda

22.02.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Sakarçäge etraby boýunça kärendeçileriň 4726-sy bolup, şu günler bugdaýly meýdanlarda agronomçylygyň görkezmeleri esasynda iş geçirýärler.

Etrabyň Garaýap geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Rejepgeldi Şajaýewiň ýolbaşçylyk edýän “Kuwwatly” hojalyk jemgyýetiniň bereketli bugdaý meýdanlarynda ideg işleri guramaçylykly barýar. Hojalyk jemgyýetiniň oba hojalyk işlerini Rejepgeldiniň ogly, guramaçy daýhan ýigit Söhbet Şajaýew alyp barýar. Söhbediň gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda bu ýerde 200 gektar maýsaly meýdan bolup, oňa yhlasly ideg edilýär.

Kuwwatlylar üstümizdäki ýylda her gektar bugdaýly meýdandan 25 — 30 sentner bugdaý hasylyny almaklygy maksat edinýärler. Mehanizator Tirkiş Ataýew, suwçy Nurgeldi Wepaýew, topar ýolbaşçy Muhammetýagmyr Işanow we beýlekiler şu günler bugdaýly meýdanlara agronomçylygyň görkezmeleri esasynda ideg edýärler.

— Geçen ýylda 175 gektardan 517 tonna ýokary hilli bugdaý dänesini döwlete tabşyryp, her gektaryň hasyllylygyny 29,5 sentnere ýetirdik. Şu günki günler gowaça ekişi geçirilmeli meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar — diýip, söhbetdeşimiz Söhbet Şajaýew bereketli meýdanlary synlap durşuna, buýsanç bilen gürrüň berdi.

Çary AMANGELDIÝEW.

“Maru — şahu jahan”.