Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasyl ugrunda

22.02.2024

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ony ösüşiň belent derejelerine çykarmak ugrunda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasyly ýetişdirilýär.

Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda pagtaçylyga uly orun degişli bolup, ony öndürmek we gaýtadan işlemek babatynda uly işler alnyp barylýar. Pagta dokma senagaty üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyz boýunça 162 müň gektar ýere gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda şol gowaça ekiljek meýdanlarda taýýarlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Kärendeçiler bilen birlikde işe dahylly adamlaryň ählisi gowaça ekişinde hiç hili bökdençlikleriň bolmazlygy ugrunda aladalanýarlar. Has takygy, tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda tehnikalaryň we olaryň gurallarynyň abatlygy gözden geçirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalarda hem taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Welaýatymyzda 9 sany pagta arassalaýjy kärhana bolup, olarda ýokary hilli tohum taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Topraga ekilmeli tohumlyk çigidiň 18 müň 878 tonnasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Esasan-da, olarda “Ýolöten-7”, “Ýolöten-36”, “Ýolöten-50”, “Ýolöten-53”, T.O.H.U.-17 görnüşli orta süýümli, “Ýolöten-14” inçe süýümli, tohumlyk çigitleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Umuman, işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy oba hojalyk işgärleriniň gowaça ekiş möwsümine taýýarlykly barýandygyny görkezýär.

Durdynabat BAÝRAMOWA.

«Maru — şahu jahan».