Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
15.02.2024
Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary ýylyň-ýylyna bugdaýyň, gowaçanyň, gant şugundyrynyň şeýle hem gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirýärler. Olar häzirki günlerde 664 gektar ýerde ekilen bugdaýyň idegini ýetirýärler. Ösüş suwuny tutmak, iýmitlendirmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä alyp barýarlar. Hojalykda haýsy daýhanyň kärende ýerine baryp, synlanyňda-da ak ekiniň ideginiň ýetýändigini görýärsiň. Kadaly gögerip, birkemsiz özüni tutup, boý alýan ýaşyl maýsalar bol hasylyň buşlukçysy bolup görünýär. Esasan-da, kärendeçiler Enegül Babaýewanyň, Çary Gurbanowyň, Orazgeldi Saparowyň bugdaýlary gowy boý alyp, göreniň göwnüni göterýär. Bu kärendeçiler her ýyl hem guwandyryjy netijeleri gazanmagy başarýarlar.
Daýhan birleşiginiň ýer eýeleriniň bereketli hasyly ýetişdirip, zähmet üstünliklerine eýe bolmagynda hormatly Prezidentimiziň daýhanlar üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Çünki, ýokary hilli tohum, dökün, tehnika, suw bilen ýeterlik üpjün edilmegi her bir möhüm işiň öz wagtynda ýokary hilli üpjün edilmegine ýardam berýär. Mundan başga-da döredilýän amatly şertler kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyrýar. Munuň netijesinde bolsa zähmet üstünligine eýe bolunýar.
Hojalykda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamakda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. 400 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirýän daýhan birleşiginiň kärendeçileri sürüm, tekizleşik, geriş çekmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä alyp barýarlar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna we daýhan birleşigine degişli tehnikalar bilen her günde birnäçe gektar ýerde bejergi işleri geçirilýär. Bu bolsa toprakdan bereketli hasyl almakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin her bir işe jogapkärli çemeleşilýär.
Bu jogapkärçilige kärendeçiler bilen birlikde mehanizatorlar hem örän oňat düşünýärler. Mehanizatorlar işleriň ýokary hilli, talabalaýyk alnyp barylmagy üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.
Golaýda TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri hojalygyň kärende ýerlerinde bolup, kärendeçileriň armalaryny ýetirdiler. Olar tapawutlanyp zähmet çekýän kärendeçilere ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň saýasynda bereketli hasyly ýetişdirip, bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegini arzuwladylar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.«Maru — şahu jahan».