Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

08.02.2024

Çagalar baglarynda yhlasly zähmet çekýän terbiýeçiler özleriniň başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýle işine yhlasly terbiýeçileriň biri-de Baýramaly şäherindäki 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülziba Salihowadyr. Ol bu ýerde indi 44 ýyl bäri zähmet çekip, işdeş ýoldaşlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. G. Salihowa ýaş terbiýeçilere ýakyndan goldaw berip, halypa terbiýeçileriň hatarynda tanalýar. Onuň terbiýe hem bilim berýän çagalary welaýat, şäher möçberinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolmagy başarýarlar. Muňa mysal edip, toparyň körpeleriniň “Aýterek-Günterek” atly bäsleşigiň şäher tapgyrynda baş baýraga, welaýat tapgyrynda bolsa, ikinji orna mynasyp bolandygyny aýtmak bolar. Çagalar bagynyň müdiri Maýsa Ýusupowa G. Salihowanyň zähmetine uly hormat goýup, oňa ýakyndan goldaw edýär.

SURATDA: Gülziba Salihowa iş wagtynda

Surata düşüren Çary NURMYRADOW.