Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

08.02.2024

Mugallymçylyk käriniň eýesi bolmak arzuwy Sadap Annamyradowany öz erkine goýmaýar. Ol Ukraina döwletiniň Taras Şewçenko adyndaky uniwersitetini üstünlikli tamamlap, 2012-nji ýylda Garagum etrabyndaky 21-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Ol okuwçylara iňlis dili dersi boýunça sapak berýär. Mugallym okatmagyň täzeçe usullaryndan peýdalanyp, okuwçylara bilim bermekde yhlasyny gaýgyrmaýar. Mundan başga-da, ol mekdebiň “Gülälek” gyzlar klubynyň ýolbaşçysy bolup durýar. Ol okuwçy gyzlara el işlerini, nahar taýýarlamagy öwredýär. Mugallymyň okuwçylary ders bäsleşiginde-de, etrapda geçirilýän el işleri bilen baglanyşykly bäsleşiklerde-de ýokary netijeleri gazanmagy başarýarlar.

SURATDA: okuwçylar iňlis dili sapagynda.

Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.