Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy
08.02.2024
Üstümizdäki ýyly guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýän Murgap etrabynyň pagtaçy kärendeçileri şu günler meýdan işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň şu günüň möhüm talabydygyna oňat düşünýän kärendeçiler agrotehnikanyň talaplaryna görä iş alyp barýarlar. Göwnejaý ýerine ýetirilen sürüm gowaça ekişini bökdençsiz geçirmäge we hasylyň düýbüni berkden tutmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine daýhanlar iş tejribelerinde doly göz ýetirýärler.
Golaýda biz TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň başlygy Oguljan Baýramgylyjowa bilen telekeçi Arslan Ojarowyň kärende ýerinde bolduk. Arslan Ojarow Gatyýap geňeşliginiň çägindäki kärende ýeriň 102,5 gektaryna eýelik edýär. Bu ýerde ol bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirip, ýylyň-ýylyna bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda ýeriniň 65 gektarynda idegi ýetýän bugdaý maýsalary meýdana ýaraşyk berip otyr. Galan 37,5 gektarynda bolsa gowaça ekişine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
— Gowaça ekişine taýýarlyk işlerinde esasan tehnikalaryň güýjüne daýanylýar. Bu babatynda bize etrabymyzyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary ýakyndan ýardam berýärler. Kärhanada tehnikalar tejribeli, işine ussat adamlara berkidilýär. Mehanizatorlar özlerine berkidilen traktorlary gurat saklamak bilen her bir möwsümde tehnikalaryň öndürijilikli işlemegini gazanýarlar. Mehanizatorlardan Arslan Jumageldiýewiň, Wekil Peýdanowyň, Salam Saryýewiň, Çaryberdi Paşşykowyň atlaryny agzamak bolar. Bular meýdanda sürüm, tekizleşik, gerş çekmek işlerini talabalaýyk geçirmek bilen biz — ýer eýeleriniň alkyşly sözlerine mynasyp bolýarlar — diýip, telekeçi Arslan Ojarow gürrüň berdi.
Bol hasyl ugrunda aladalanýan hojalygyň ýer eýeleridir, mehanizatorlary zähmet çekmäge, çekýän zähmetiniň hözirini görmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, belent maksatly tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.«Maru — şahu jahan».
SURATDA: mehanizatorlaryň pikir alyşýan pursaty.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.