Bilimli nesil — kuwwatly Watan
27.02.2021
Ajaýyp ösüşleriň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hünärli bolup ýetişmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem olaryň zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.
Ýakynda Ýolöten etrabynyň sport mekdebinde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de bilim bölüminiň guramagynda geçirilen bäsleşik üç ugurdan ybarat bolup, oňa gatnaşan okuwçylar ylmy-döredijilik, surat çekmek, el işleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşik şüweleňli geçip, eminler ýeňijileri belli etdiler. El işleri boýunça 43-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Abadangözel Reýimowa, goşgy düzmek boýunça 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýjeren Abdyllaýewa, surat çekmek ugry boýunça 9-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülnäz Berdinazarowa birinji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.
Ukyp-başarnygyny ussatlyk bilen açyp görkezen ýeňijilere TMÝG-niň etrap geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ş. GURBANOWA.
SURATDA: bäsleşikden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.