Asyrlaryň şamçyragy
25.01.2024
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy buýsanjydyr, şamçyragydyr, ynsanperwer ýaşaýşa bolan berk ynamydyr. Şahyr her bir türkmeniň kalbynda belent adamkärçilikli ýaşamagyň nusgasyny, ruhubelentligi, watansöýüjiligi, hoşniýetliligi, agzybirligi, asudalygy, dost-doganlygy, ylymly-bilimliligi, ugurtapyjylygy kemala getirmäge çalyşýar.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, halkara derejesinde uly meşhurlyga eýedir. Şahyryň döreden goşgulary, olarda öňe sürýän pikirleri çuňňur many-mazmuna eýe bolup, okyjylaryň kalbynda orun aldy. Täze taryhy eýýamda akyldar şahyryň ajaýyp eserleri ylmy esasda öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. Dünýä okyjylary şahyryň eserlerini çuňňur sarpa goýmak bilen okaýarlar, şygyrlaryň çeperçiligine, many-mazmunyna haýran galýarlar.
Häzirki wagtda şahyryň döredijiligini ýaşlara öwretmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Bu esasan hem ýaşlary terbiýelemek, olara milli ruhda bilim bermek üçin örän ähmiýetlidir. Beýik söz ussadynyň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlara şeýle goşgular yzygiderli öwredilýär we olaryň kalbynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly iň oňat häsiýetler terbiýelenilýär.
Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz eserleriniň üsti bilen sahawatlylyk, halallyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri öňe sürýär. Şol bir wagtda onuň şygyrlary mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, rehimdarlyk, hoşniýetlilik, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemäge hem gönükdirilendir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda saglyk taglymatyna hem aýratyn üns beripdir. Şonuň üçin-de şahyr öz döredijiliginde bu tema gaýta-gaýta ýüzlenýär. Oňa filosofiki äheň çaýýar. Pyragy “Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun” diýen parasatly setirlerinden başga-da:
Jan saglygyň bolmaz, hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrüň kyl ýagşy —
— diýip bellemek bilen, ynsan saglygyna taý geljek zadyň ýokdugyny, ony gözüň göreji deýin goramagyň zerurdygyny tekrarlaýar.
Gündogaryň nusgawy edebiýatyny köp okamagy, köp ýurtlara syýahat etmegi Magtymgulynyň gözýetimini has giňeldýär, düşünjesini baýlaşdyrýar. Bu bolsa şahyryň ýiti zehininden we ylym öwrenmäge bolan çäksiz yhlasyndan habar berýär. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony umumy adamzat şahyryna öwren zat onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-günüň ykbalyna baglanan çuňňur paýhasydyr.
Bu günki gün akyldar şahyryň şygyrlary dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Şonuň üçin hem şahyryň şygyrlaryny dünýä okyjylary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Akyldaryň çuňňur manyly goşgulary, çeper hem-de akgynly setirleri ynsan kalbyny bezeýär.
Elbetde, türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Magtymgulynyň eserlerini okanyňda, şahyryň türkmen halkynyň ykbaly baradaky alada bilen ýaşan şahsyýetdigi göz öňünde janlanýar. Akyldar şahyryň Watana, onuň topragyna, tebigatyna bolan söýgüsi il-güne guwanjy bilen sepleşip gidýär.
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş, reýhana çöli türkmeniň...
Garaşsyz döwletiň eýesi bolan halkymyzyň agzybirlikde ýaşap, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, eziz Watanymyzyň geljegi üçin ýurdumyzyň ýaşlaryny terbiýelemek işinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary möhüm ähmiýete eýedir. Ömrüni, çuňňur mazmunly döredijiligini Watanyna, eziz halkyna bagyşlan beýik Magtymgulyň mertebesi bu gün belent tutulýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde baýram edilip bellenilýän şanly seneleriň sanawyna girizmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek, orta mekdepleriň belli-bellilerini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek ýaly buýsançly işler guwandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nusgawy edebiýatymyzy öwrenmäge, türkmen ylmyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde bu günki gün ýaş dilçiler, edebiýatçylar kemala gelýär. Olar nusgawy edebiýatymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Şonuň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebiýat nukdaýnazaryndan hem, dil bilimi esasynda hem ylmy esasda öwrenilýär.
2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi bolsa aýratyn buýsançly wakadyr.
Nusgawy edebiýatymyzy, akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Gülälek ALLAKULYÝEWA.S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.