Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ösüş-özgerişleriň ýoly bilen

25.01.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda şöhratly belent sepgitlere ýetilýär. 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine beslän halkymyz täze, 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylady.

Her bir ýyly üstünliklere besleýän türkmen daýhany tarypa mynasyp ösüşlere eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler özüniň ýokary netijesini hem berýär. Bu pudakda zähmet çekýän babadaýhanlar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, obasenagat toplumynyň işiniň barha kämilleşdirilmegi beýik sepgitleriň eýelenilmegine ýardam edýär.

“Gyşyň güni kyrk tüýsli...” diýilýän gyş pasly işiň böwşeňleşýän wagty hasaplansa hem daýhan üçin ýylyň islendik paslynda edere iş bar. Gyş paslynyň häzirki günlerinde ak ekiniň idegi yhlasly ýerine ýetirilýär. Ak ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, olara ösüş suwy tutulýar. Ekiniň zyýanberijilerine garşy derman sepmek işleri geçirilýär. Şeýle-de, daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýygnamak üçin zerur çäreler geçirilýär.

Gowaçadan boşan meýdanlarda şüdügär sürümi, tekizleşik we geriş çekmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek we ilatymyzy özümizde öndürilýän ýeralma hem-de dürli görnüşli gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin ýaz ekişine taýýarlyk çäreleri guramaçylykly durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we abzallaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri göwnejaý alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýylyň bütin dowamynda ilaty ter gök önümler bilen üpjün etmek üçin welaýatymyzda bar bolan ýyladyşhanalar doly güýjünde işledilýär.

Welaýatymyzda oba hojalyk pudagynyň maldarçylyk ulgamynda hem işler gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Çölüň merdana maldarlary mallary dok we ýyly gyşlatmak we öňde boljak owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin netijeli işleri alyp barýarlar.

Sähet HOJAGELDIÝEW.

“Maru — şahu jahan”.