Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

18.01.2024

Welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirýän bilim ojaklary az däl. Şolaryň biri hem Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde ýerleşýän 42-nji orta mekdepdir. Bu mekdep 2 gatdan ybarat 320 orunlykdyr. Bu mekdebe eýýäm 7 ýyldan bäri tejribeli bilim işgäri Aýbölek Agabalowa ýolbaşçylyk edýär.

Bu günki gün halypalyga ýetişen müdiriň zähmet ýoly üstünlikli dowam edýär. Onuň tagallasy bilen okuw-terbiýeçilik işleriniň jogapkärli ýoluny öz gerdenine alyp biljek bilim işgärleri ösüp ýetişýär. Şeýle ezber işgärleriň biri hem ýokary bilimli mugallym Durdynabat Öwezowa. Onuň zähmet ýoluny müdir bilen baglanyşdyrmagymyzyň öz sebäbi bar. Durdynabat Öwezowa häzirki wagtda mekdep müdiriniň okuw işleri baradaky orunbasary bolup işleýär.

Bu iş orta mekdepde iň bir jogapkärli hem-de hormatly wezipedir. Ol mekdebiň okuw bilen dahylly ähli işlerini öz içine alýar. Şol işler şu aşakdakylardan ybarat.

- mugallymlaryň sapaklary işjeň usulda geçmegi;

- okuwçylaryň okuw esbaplary bilen üpjünçiligi we okuw esbaplarynyň sapaklaryň tertibi boýunça getirilişi, olaryň saklanyşy.

- okuwçylaryň bilim derejeleriniň hili, olaryň sapaklara ýetişigi;

- açyk sapaklaryň we sapakdan daşary geçirilýän çäreleriň guralyşy, sapaklaryň netijeliligi;

- usuly birleşmeleriň işiniň ýola goýluşy we ýerine ýetirilişi.

Ine, şu işlere gözegçilik etmek hem-de olaryň kadaly ýerine ýetirilmegini gazanmak juda tutanýerliligi we irginsiz zähmeti talap edýär. Müdiriň orunbasary Durdynabat Öwezowa bu işleriň abraý bilen hötdesinden gelýär.

Islendik ugurda bolşy ýaly, yhlasly zähmet öz miwesini eçilýär. Şu okuw ýylynda köpugurly bäsleşigiň aýry-aýry ugurlary boýunça mekdebiň mugallymlary görnükli orunlary eýelediler.

— Mekdebimiziň mugallymlary ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde yhlas edýärler. Taryhy we jemgyýeti öwreniş mugallymy Ogulbibi Çaryýewa 43 ýyl bäri işläp gelýär. Ol mekdepde halypa mugallymlaryň biridir. Şägirtleri Oraztäç Hanyýewa, Çemenzar Rahmetnazarowa dagy Ogulbibi mugallyma “Halypa” diýip ýüzlenýärler. Olaryň hatarynda indi 30 ýyla golaý işleýän başlangyç synp mugallymy Hallygözel Täşliýewa, olardan başga-da, türkmen dili we edebiýat mugallymy Dünýägözel Gurbanowa, rus dili mugallymy Eziz Hudaýgulyýew, başlangyç synp mugallymy Bilbil Babaýewa we beýlekiler yhlasly işleýärler — diýip mekdebiň müdiri Aýbölek Agabalowa gürrüň berdi.

Türkmen halkynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, ylym-bilim almagy üçin ähli amatlyklary döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Galina RAHIMOWA.

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: mekdebiň müdiri Aýbölek Atabalowanyň mugallymlar bilen pikir alyşýan pursaty.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.