Il saglygy — ýurt baýlygy
18.01.2024
Möwsümleýin ýiti respirator keseli howanyň sowamagy bilen ýüze çykýar. Halk köpçüliginde bu kesel “sowuklama” diýlip atlandyrylýar. Burnuň akmagy ýa-da dykylmagy, bokurdak agyrysynyň peýda bolmagy, sesiň gyrylmagy, üsgülewük, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kelle agyrysy, umumy ysgynsyzlyk, myşsalaryň we bogunlaryň agyrmagy, kä halatlarda näsagyň birki gezek içiniň geçmegi keseliň esasy alamatlarydyr. Şeýle alamatlar ýüze çykanda özbaşdak bejergi geçirmäň, antibiotikleri we beýleki derman serişdelerini lukmanyň maslahatyny almazdan, özbaşdak ulanmaň!
Näsag dürli sebäplere görä, öý şertlerinde bejergi almaly bolsa, onda ol hökmany ýagdaýda başgalardan aýratyn otagda galmalydyr. Näsagyň ulanýan gap-gaçlary, süpürgiçleri aýratyn bolmalydyr we wagtly-wagtynda zyýansyzlandyrylyp durulmalydyr.
Adamyň pasla görä geýinmegi zerurdyr. Howanyň sowuk döwri erkek adamlar öýden daşary çykanda dürli ýyly baş gaplary, gyzlar-gelinler bolsa, ýyly saklaýan ýaglyklary daňynmalydyrlar. Eger saçlar ýuwlan bolsa, ol doly guraýança açyk penjiräniň öňünde durmak ýa-da daşary çykmak saglyk üçin örän howpludyr.
Bedeniň keselden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin witaminli gök önümlerden, gaýnag suwdan, gök çaýdan, sarymsakdan, sogandan, sary bugadan, zenjebilden, guradylan ir-iýmişlerden, miwelerden peýdalanyň. Tebigatymyzda bar bolan dermanlyk ösümliklerden hem doly we dogry peýdalansaňyz, saglygyňyza nepi deger. Şeýle-de, ýylba-ýyl öňüni alyş sanjymlary lukmanlaryň maslahaty bilen alynsa bedeniňiz birnäçe kesellerden goragly bolar. Siziň saglygyňyz öz eliňizdedir!
Oguljemal NURMYRADOWA.Welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň ýokanç keseller lukmany.