Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport. Sport. Sport.

11.01.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda halkymyzyň, şol bir wagtda ýaş nesillerimiziň saglygy, olaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär hem-de olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmekde bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine 2013-nji ýylda Türkmengala etrabynda 2 gatdan ybarat täze sport mekdebiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi şaýatlyk edýär.

Mekdebimizde sportuň 10-dan gowrak görnüşi ertirki geljegimiz bolan ýaş nesle öwredilýär. Sport mekdebimizde yhlasly işleýän tälimçiler öz ugurlary boýunça erjel türgenleri ýetişdirýärler. Türgenleriň türgenleşige başlamazyndan öň olaryň şahsy arassalygyna, saglyk ýagdaýlaryna seredýäris.

Men bu arzyly kärimde 11 ýyldan bäri zähmet çekip gelýärin. Türgenleriň arasynda alyp barýan işlerim öz miwesini berýär. Esasan-da, türgenlere sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sagdyn iýmitlenmek, fiziki işjeňlik barada giňişleýin düşündirýärin.

Ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Hojaberdi GULLYÝEW.

Türkmengala etrap sport mekdebiniň lukmany.