Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

03.01.2024

Meýdanda ekinleriň hasyly ýygnalandan soň, geljekki ekişe taýýarlamak maksady bilen toprak bejergisi geçirilýär. Ýeri gurplandyrmagyň esasy şertleriniň biri hem sürüm işini wagtynda geçirmekden ybaratdyr. Ekinleriň hasyly ýygnalandan soň, geljekki hasyla taýýarlamak üçin sürümiň geçirilmeginiň ähmiýeti, diýseň, uludyr. Toprak sürlüp, ýer agdarylýar, ýumşaýar we demini alýar. Bu babatynda hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli tehnikalary satyn alyp berýär.

Ýazda ekilýän ekinler üçin topragy güýz paslynda sürmekligiň aýratyn orny bardyr. Çünki, ýerler güýzde sürülse, kesekleriň arasyna yzgar siňip, gyş aýlarynda toprak doňýar. Howanyň maýlamagy bilen bolsa keseklerde emele gelen doňlar çözülip, iri kesekleriň pytrap owranmagyna getirýär. Şeýle bolanda, topragyň hili gowulaşýar. Toprak çuň edilip sürülmeli. Şeýle edilende, topragyň aşaky gatlaklary hem ýumşap, ekiljek ekiniň kökleriniň ýaýrap gitmegine mümkinçilik döredýär.

Toprak bejergisiniň wagtynda ýokary hilli geçirilmegi oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl almaga mümkinçilik berýär.

Durdynabat BAÝRAMOWA.

«Maru — şahu jahan».