Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport. Sport. Sport.

03.01.2024

Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň köpçülikleýin sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ussat türgenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikler olary täze ýeňişlere, belent maksatlara ýetmäge ruhlandyrýar. Şeýle türgenleriň biri-de Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Oguljahan Hudaýnazarowadyr.

Ýolöten etrap sport mekdebine gatnap, sportuň dzýudo görnüşi bilen yzygiderli meşgullanýan Oguljahan jigimiz uly üstünlikleri gazanyp, türgenleriň arasynda öňe saýlanmagy başarýar. Ol Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Azat Akmyradowdan tälim alýar.

Aýdyň maksady, uly ynamy Oguljahana ýeňiş getirýär. Ol 2015-nji ýyldan bäri sportuň dzýudo görnüşi boýunça tälim alyp, ussatlygyny görkezip gelýär. Has takygy, 2016-njy ýylda Mary şäherinde Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda 2005 — 2006-njy ýyllarda doglan gyzlaryň arasynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Oguljahan Hudaýnazarowa garşydaşlaryndan üstün çykyp, öňdäki orna mynasyp bolýar. Bu ýeňiş Oguljahanda buýsanjy, ertire bolan uly ynamy döredýär. Ol ýylyň-ýylyna welaýat, döwlet derejesinde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda birinjiligi eýeläp, ýeňiş gazanyp gelýär.

2022-nji ýylyň 25-27-nji dekabrynda Aşgabatda 2005- -2006-njy ýyllarda doglan gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýolötenli gyz Oguljahan Türkmenistanyň çempiony boldy, 2023-nji ýylyň aprelinde ussat türgen Oguljahan Hudaýnazarowa gara guşagyň eýesi bolmagy başardy. 2023-nji ýylyň 27-29-njy iýulynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde 2005 — 2006-njy ýyllarda doglan ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 3-nji orny eýledi.

— Welaýat, döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda “Men garşydaşymdan üstün çykmaly” diýen maksady öňümde goýup, göreşe başlaýaryn. Öňümde goýýan maksadym, özüme bolan ynamym maňa uly ýeňiş getirýär. Galyberse-de, halypamyň yhlasy mende diňe ýeňmeli diýen maksady öňümde goýýar — diýip, söhbetdeşimiz Oguljahan Hudaýnazarowa bize uly buýsanç bilen gürrüň berdi.

A. ÇARYÝEW.

SURATDA: türgen Oguljahan Hudaýnazarowa.
Surata düşüren awtor.