Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

27.02.2021

Murgap etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Kadyr Atageldiýew diňe sapaklaryna göreldeli ýetişmek bilen däl-de, eýsem, sportuň küşt görnüşine yhlaslylygy bilen hem deň-duşlarynyň arasynda tapawutlanýar.
— Kadyr küşt oýny bilen dört ýaşynda gyzyklanyp başlady. Munuň şeýle bolmagyna meniň özüm sebäpkär boldum. Men atly küştçi bolmasam hem köp ýyllardan bäri şu oýun bilen gyzyklanýaryn. Agtygymyň çagalykdan durmuş wakalaryna ünslüligini, ýatkeşligini duýup, men oňa küşt oýnamagy öwredip başladym. Ol bu oýun bilen barha içgin gyzyklanyp ugrady. Mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Agamyrat Çaryýew onuň ilkinji halypasy boldy. Soňra ol welaýatymyzda ussat küştçüleriň biri, tanymal tälimçi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alyp başlady. Kadyr 7-8 ýaşynda welaýat derejesinde çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde öňe saýlanmagy başardy — diýip, ýaşajyk küştçiniň atasy, mekdebimiziň halypa matematika mugallymy Mustapaguly Atageldiýew buýsanç bilen gürrüň berýär.
Kadyr 1-nji synpa okuwa gelenden bäri meniň synpymda okaýar. Ol sapaklaryna yhlaslylygy, düşbüligi, dogruçyllygy, mylakatlylygy bilen synpdaşlaryna görelde bolýar. Sapakdan daşary çärelere höwesli gatnaşýar. Türkmen dili, matematika, bedenterbiýe derslerine aýratyn höwesli. Goşgy ýat tutmakda, sanlary ýatdan hasaplamakda özüniň üýtgeşik ukybynyň bardygyny görkezýär. Aýratynam bedenterbiýe dersine, küşt oýnuna höwesi has-da tapawutly. Munuň şeýledigine Kadyryň her okuw ýylynyň ahyrynda göreldeli okuwçy hökmünde mekdebiň Hormat hatyna mynasyp bolmagy, 2019-njy ýylda sportuň küşt görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky 7 ýaşly oglanlaryň arasyndaky bäsleşikde 2-nji orny, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda Mary şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligini almak ugrundaky 8 ýaşly oglanlaryň arasynda geçirilen küşt ýaryşynda hem 2-nji orny eýelemegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Kadyr halypa tälimçilerden sapak alyp, küşt oýnunyň inçe tilsimlerini höwesli öwrenmegini dowam etdirýär. Yhlas, erjellik ýaş küştçini täze üstünliklere tarap alyp barýar.
Biz — bilim işgärleri ýaş nesilleri döwrebap bilimli, terbiýeli, berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar edip ýetişdirmek üçin döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirýäris.

Göwher GURBANOWA.
Murgap etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Suratda: ýaşajyk küştçi Kadyr Atageldiýew.