Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

25.12.2023

Söhbetini etseň, saz bolup eşidilýän gürrüňleriň ýumagyny näçe çözleseň çözläbermeli. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy barada aýtdygyňça ol hakyndaky sözler bir-birine sepleşip, beýik dagy emele getirýär. Dana atamyzyň ylham çeşmesi umman ýaly giň, deňiz deýin çuň, derýa kimin akgynly. Onuň kenaryna baryp, akyl gämisini kürekläp, ylham dünýäňi näçe baýatsaň baýadybermeli. Pyragynyň ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolan pähim-parasada ýugrulan edebi mirasy hiç haçan esgilmezdir. Şol edebi mirasy susup alyp, aňyňa guýanyňda kalbyň gözelleşip, sende täzeçe dünýägaraýyş kemala gelýär. Ol dünýägaraýyş bolsa sende ruhy güýç döredip, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, bir-birege hormat goýmak, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly beýik adamkärçilik sypatlaryny oýarýar. Şahyryň döredijilik dünýäsinde beýik güýç, ruhy päklik bar. Ol dünýä aralaşdygyňça dünýäňe gözellik çaýylýar. Gözellik bolsa bu barlyga, durmuşa baky söýgi döredýär.

Ylym ummanyny gulaçlap ýüzen akyldaryň islendik eserini okap göreniňde, öz durmuşyňda döreýän soraglara jogap tapýarsyň. Çuňňur pelsepä ýugrulan dürdäne setirler, paýhasly pikirler seni ygtyýarsyz ylham ýaýlasyna alyp gidýär. Şahyryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adamkärçilik, halallyk hakyndaky goşgulary agy-garany saýgarmaga, durmuşa akyl ýetirmäge, dogry ýoly saýlamaga itergi berýär. Şahyryň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden döräp, asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip gelen ölmez-ýitmez setirlerini edebiýata sarpa goýýan halkymyz baky ýaşadýar. Beýik söz ussadynyň kalbyndan kagyza geçirip nesillere miras goýan eserleri islendik döwürde-de nesiller üçin görelde mekdebidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk işleri ýokary derejede guralýar. Bu bolsa beýik söz ussadyna goýulýan hormatyň, sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň şahyry hormatlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy her bir okyjyda uly täsir galdyrýar. Ýokary çeperçilik bilen ýazylan bu goşgy her bir döredijilik adamsy üçin gymmatly hazyna öwrüldi.

Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulşeker GELDIÝEWA.

Welaýat baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni,
TZB-niň işjeň agzasy.