Ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant
25.12.2023
“Zähmet soňy — rehnet” diýip, abadan durmuşyň, bereket-bolçulygyň gözbaşynyň halal zähmetdedigini ündän parasatly danalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän döwürdeşlerimiz çekýän päk zähmetleriniň hözirini görüp, eşretli günleriň saýasynda sapaly durmuşda ýaşaýarlar. Bolelin ýaşaýşyň düýp özeniniň zähmetdedigine, ýerdedigine, suwdadygyna gowy düşünip, dürli görnüşli ekinlerden bol hasyl almagyň ussady bolup ýetişen telekeçiniň biri-de Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Mawy-Teber obasynyň ýaşaýjysy Serdar Nepesowyň agzybir maşgalasydyr. Hususy mellek ýerinde döwrebap ýyladyşhanalarda dürli ekinleri ekip, päk zähmeti bilen bol hasyl almagy özlerine kesp-kär edinen bu janypkeş maşgala agzalary sanlyja ýylyň içinde “Uzadan ýerine eli ýetýär” diýilýän maşgala boldy.
On alty ýyl mundan öň kiçiräk ýyladyşhanadan başlanan bu telekeçilik işi ýyl geçdigiçe giňeldi we ösdi. Hususy telekeçi Serdar Nepesowyň ýadawsyz zähmeti bilen häzirki wagtda mellek ýerinde badamjanyň bol hasyly ýetişip oturan üç sany uly ýyladyşhanasy bar.
Serdaryň ogly Permanyň mellek ýerinde bolsa gök we bakja ekinleriniň dürli şitilleri ýetişdirilýän üç sany ýyladyşhana we bolgar burçy ekilen, bir sany ýyladyşhana gurnalan. Şu günler hasyly kemsiz ýetişen bolgar burçunyň we badamjanyň ýygym möwsümi geldi. Her 3-4 günden 1 tonna golaý ýokary hilli badamjan, 200-250 kilogram möçberde iri görnüşli bolgar burçy ýyglyp, ak bazarlara iberilýär. Bu bolsa azyk bolçulygyna goşant bolup durýar. Ýylyň bütin dowamynda bu ýyladyşhanalar boş goýulman, bir ekiniň hasyly sowuldygy täze hasylyň düýbi tutulýar.
— Indi size şitilleri ýetişdirişimizi görkezeýin — diýip, Serdar bizi ýörite gurnalan şitilhana alyp bardy. “Azapsyz ýeriň ady ýok” diýlişi ýaly, ýyladyşhananyň içinde ýaýylyp, gök maýsa ýaly bolup oturan şitilleri synlanyňda olary ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn ýetişdirmek üçin näçe irginsiz zähmetiň, erjel yhlasyň siňdirilýändigine göz ýetirmek bolýar.
— Ine, şujagaz kinniwanja şitiller bazarlary doldurjak gök önümlerimiziň başlangyç nokady. Bular hem janly zat bolansoň, mähriňi berip, yhlas etseň şonça-da keýpleri kök bolup, boý alyberýär — diýip, telekeçi ýigit sözüni dowam etdi. Müňlerçe düýp şitil ýerleşýän bu ýyladyşhanamyzda biz pomidoryň, hyýaryň, badamjanyň, bolgar burçunyň, kelemiň şitillerini tapgyrlaýyn ýetişdirýäris. Ýaz aýlarynda bolsa gawundyr garpyzyň, kyrkgünligiň şitillerini ýetişdirip, ilata hödürleýäris.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesillerimiziň yhlas bilen zähmet çekip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine goşant goşýandyklary has-da guwandyryjydyr.
Sözüniň ahyrynda telekeçi Serdar Nepesow halal zähmet çekmäge, çeken zähmetiniň hözirini görmäge döredip berýän giň şertleri we goldaw-hemaýatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwlady.
Muhammetjuma HYDYROW.SURATDA: telekeçiler maşgalasynyň iş pursaty.
Surata düşüren awtor.