Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport. Sport. Sport.

20.12.2023

Ýeňşiň yglan edilýän pursatynyň buýsançly şatlyk duýgusyny başdan geçirmek her bir türgeniň arzyly arzuwy. Ýöne şeýle pursata ýetmek üçin irginsiz türgenleşmeli, yhlas etmeli. Şeýle guwançly pursatlary ençeme gezek başdan geçiren türgenleriň birem paurliftingçi Şatlyk Rahmanowdyr. Onuň sportuň şu görnüşi boýunça meşgullanyp gelýänine indi 20 ýyldan gowrak wagt boldy. Şu döwrüň içinde Şatlyk dürli ýaryşlarda, şol sanda halkara ýaryşlarynda-da özüniň ýeňiji bolmaga mynasypdygyny äşgär etdi. Ş.Rahmanowyň ýeňişli menzilleriniň rowaç almagynda köp ýyllyk tälimçisi Allaberdi Nerowyň ýadawsyz zähmetini, türgenine berk talabyny ýatlaman bolmaz. Bu barada tejribeli tälimçi Allaberdi Nerow şeýle diýýär:

— Türgeniň ýeňşi onuň tälimçisi bilen birleşen tagallasynyň miwesidir. Sebäbi, türgen öwrenmäge, ýeňmäge ymtylmasa, tälimçisiniň yhlas-tagallasy hemişe ýerine düşüp baranok. Şatlyk welin, ýadamany, ýaltanmany bilenok. Erjelligi, irginsizligi, esasanam, ýeňşe ynamy onuň tapawutly tarapy. Şu häsiýetlerem ony hemişe ýeňişlere ýetirýär.

Tälimçi A.Nerowyň soňky jümlesini göwnümize jaý gördük. Çünki, Şatlyk Rahmanowyň erjelligi, irginsizligi, özüne ynamy ony uly ýeňişlere ýetirdi. Ol sportuň paurlifting görnüşi boýunça Türkmenistanyň 20-den gowrak gezek çempiony boldy. Angliýada geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medallaryň ikisine eýe boldy. 2010-njy ýylda Moskwada geçen dünýä çempionatynda altyn medalyň 2-si bilen sylaglandy. 2019-njy ýylda Gazagystanyň Almaata şäherinde guralan halkara Aziýa ýaryşynda-da Şatlyk Rahmanow kümüş medal bilen sylaglandy.

Halkara derejesinde geçirilen şu ýaryşlarda gazanan üstünlikleri paurliftingçi Şatlyk Rahmanowy täze sepgitlere galkyndyrdy. Yzygiderli türgenleşdi. Ukyp- -başarnygyny, ussatlygyny kämilleşdirdi. Şeýle yhlasy Şatlyga golaýda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda altyn medalyň 2-sine mynasyp bolmagyna getirdi. Ş.Rahmanow bu çempionata Türkmenistandan ýeke özi gatnaşdy we iň agyr agramda absolýut çempion bolmagy başardy. Çempionatda Ş.Rahmanow ştangany gerşiňde goýup oturyp-turmak, ýatyp götermek we ýarymboý götermek boýunça umumylykda 750 kilogram agramy toplap, özüniň ýeňiji bolmaga mynasypdygyny äşgär etdi. Paurliftingçi türgen Şatlyk Rahmanow halkara derejeli sport ussadydyr. Sportda gadamy barha batlanýan Şatlyk Rahmanow “Täze aý” haryt nyşanly et önümlerini gaýtadan işleýän hususy kärhanada gorag bölüminiň başlygy bolup zähmet çekýär. Şu hususy kärhananyň ýolbaşçysy, tejribeli işewür Begenç Orazowyň ýakyndan goldaw-ýardam berip, howandarlyk etmegi paurlifting boýunça halkara derejeli sport ussady Şatlyk Rahmanowyň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanmagyna bähbitli täsirini ýetirýär.

Şu günler bolsa, sport ussady Şatlyk Rahmanow 2024-nji ýylyň maýynda paurlifting boýunça ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär. Bizem ezber pälwan Şatlyk Rahmanowyň ýeňişli ýolunyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Baýram AMANOW.

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: paurliftingçi pälwan Şatlyk Rahmanow.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.