Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

20.12.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller aýratyn alada bilen gurşalýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin bilim ulgamynyň işgärleri önjeýli zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherinde ýerleşýän 25-nji orta mekdepde indi biregne 30 ýyllap ýaş nesle bilim we terbiýe berip gelýän, 1-nji derejeli matematika-informatika mugallymy Melewşe Töräýewadyr. M. Töräýewa Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyny 1993-nji ýylda üstünlikli tamamlady. Ýaş mugallymyň kärine bolan söýgüsi, geçen zähmet ýoly taplap, ony halypalyk derejesine ýetirdi. Häzirki wagtda köpler onuň özüne “Halypa” diýip ýüzlenýär. Olardan Bahar Akyýewa, Mähri Nepesowa, Gurbanaý Çaryýewa, Begmyrat Begmyradow dagyny atlandyrmak bolar.

— Mekdebimiziň tejribeli mugallymy Melewşe Töräýewanyň ady hormat bilen tutulýar. Onuň taýýarlan okuwçylary matematikadan, informatikadan etrap, welaýat boýunça geçirilýän ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolýarlar.

Melewşe mugallymyň taýýarlap ýetişdiren ýokary synp okuwçysy Eziz Ymamberdiýew ýaş alymlaryň arasynda sanly ulgamyň informatikadan online sapagynda “Döwrebap saýtlary taýýarlamak” diýen at bilen ýurt derejesinde geçirilen ders bäsleşiginde ýeňiji bolup, baýrakly orna mynasyp boldy. Şeýle hem 9-njy synp okuwçysy Setdar Setdarow geçen ýylda “Güneş” žurnalynda guralan “Ot uçgundan döreýär” atly bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji boldy we höweslendiriji baýraga mynasyp boldy — diýip, mekdep müdiriniň okuw işleri baradaky orunbasary Oguljemal Hudaýkulyýewa aýdýar.

Mugallym Melewşe Töräýewa mekdebiň medeni-köpçülik çärelerini guramaga ýakyndan ýardam berýär. Ol indi birnäçe ýyldan bäri mekdebiň gyzlar guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Golaýda 8-nji — 11-nji synplarda okaýan gyzlaryň arasynda “Gyz edebi — gyzylgül” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi diýseň gyzykly boldy. Çärede mugallymyň, edep, ahlak, terbiýe barada eden çykyşy has-da täsirli boldy.

“Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde” diýlişi ýaly, gyz maşgala enesinden gören gowy häsiýetlerini özünde jemleýär. Ol çykyşlarda gyz maşgalany agraslyk, asyllylyk, salyhatlylyk, sypaýylyk ýaly häsiýetleriň bezeýändigini aýtdy. Ýokary synpyň okuwçy gyzlary hem täsirli çykyş etdiler.

Melewşe mugallymyň ýadamasy-ýaltanmasy ýok. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle bilim-terbiýe bermek, ata Watana wepaly nesli ýetişdirmek baradaky aýdyň maksatlaryndan ugur alyp, yhlasly işleýär. Yhlas myrada ýetirýär. Ol bilim-terbiýe berýän okuwçylaryna hemişe güler ýüz, yssy mähir bilen garaýar.

Galina RAHIMOWA.

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ussat mugallym Melewşe Töräýewa sapak wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.