Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
20.12.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere, ýatda galyjy şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Geçip barýan ýyl türkmen jemgyýetinde asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň höküm sürmegi, halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşmegi, ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň kämilleşdirilmegi, halkymyzyň maddy, taryhy, medeni mirasynyň we däp-dessurlarynyň öwrenilmeginiň we wagyz edilmeginiň ýaýbaňlandyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde tutanýerli, işbaşarjaň türkmen daýhanlarymyzyň halal zähmetine uly sarpa goýulýar. Eziz Diýarymyzyň bereketli topragyndan bol hasyl öndürýän türkmen daýhanyna işlemäge, halal zähmeti bilen baýamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Tehniki hyzmatlaryň, döküniň, tohumyň, zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeleriň daýhanlara ýeňillikli nyrhdan berilmegini, kämil, ýokary öndürijilikli tehnikalaryň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynmagyny, tabşyrylan önüm üçin kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Özleri hakyndaky alada daýhanlarymyzy sahawatly topragymyzdan ekinleriň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirmäge hyjuwlandyrýar.
Gyş paslynyň häzirki günlerinde gadymy Mary topragynyň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalaryna daşamak we kadalaýyk saklamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçy kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle-de, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär.
Gadymy Murgap jülgesiniň 170 müň gektar bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehniki talaplara degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýygnamak we ony senagat taýdan işlemek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Maldarçylyk pudagy barada aýdylanda bolsa, ykdysady ösüşler has-da guwandyryjydyr. Esasan-da, et, süýt, ýumurtga önümleriniň öndürilişi mese-mälim ösdi.
Welaýatymyzda durmuşa geçirilýän işler düýpli we ösüşli özgertmeleriň ajaýyp netijeleridir. Türkmen halkynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlansyn!
Sähet HOJAGELDIÝEW.“Maru — şahu jahan”.