Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport. Sport. Sport.

04.12.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Ýaş türgenleri ýüze çykarmakda hem-de olaryň sporta bolan höwesini artdyrmakda bimöçber işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda tälimçiler yhlasly işleýärler.

Çagalykdan ene-atasynyň ýakyndan ýardam bermegi bilen özleriniň saýlap alan ugry boýunça sport mekdeplerine yzygiderli gatnap, başarnyklaryny artdyrýarlar. Şeýle türgenleriň biri-de Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Resul Gurbanowdyr.

R.Gurbanow 5 ýaşyndan başlap, sportuň taekwon-do WT görnüşi bilen içgin gyzyklanyp, Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebine gatnap başlaýar. Ol gatnap başlan döwründen guralýan ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Oňa gara guşagyň 3-nji danynyň eýesi Abdy Abdyýew tälim berýär. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy Resulda sporta bolan höwesi barha artdyrýar.

Ýaşajyk türgen, gara guşagyň 1-nji danynyň eýesi Resul Gurbanow üstümizdäki ýylda Mary şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda 40 kg. agramda çykyş edip 1-nji orna, welaýatymyzyň birinjiligini almak ugrunda 2011 — 2012-nji ýylda doglan türgenleriň arasyndaky ýaryşda 2-nji orna, welaýatyň kubogyny almak ugrundaky 2011 — 2012-nji ýylda doglan türgenleriň arasyndaky ýaryşda 39 kg. agram bilen 1-nji orna, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda 37 kg. agramda çykyş edip 1-nji orna mynasyp boldy.

Biz hem Resul jigimize saýlap alan hünärinde üstünlikleriň, ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Şemşat SAÝLYÝEWA.

“Maru — şahu jahan”
SURATDA: ýaş türgen Resul Gurbanow.