Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

04.12.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem bilim-terbiýeçilik işlerini döwrebaplaşdyrmakda esasy mesele mugallymyň ukyp-başarnygyna baglydyr. Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde ýerleşýän 42-nji orta mekdebiň 1-nji synp mugallymy Hallygözel Täşliýewa öz işiniň ussadydyr. 1-nji synpda bilim we terbiýe berilýän çagalary terbiýeläp ýetişdirmek, çagalary irki döwürden terbiýelemek, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnyklaryny we sözleýiş dilini ösdürmek üçin okatmagyň işjeň ussullaryndan ugur alýan Hallygözel Täşliýewanyň işi ilerleýär. Ol indi bu kärde 29 ýyldan bäri işläp gelýär. Tejribeli mugallym ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, aň-bilim mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy üçin täzeçe işlemäge çalyşýar.

— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladadyr. Ertirki geljegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy baradaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek biz — mugallymlaryň esasy wezipesidir — diýip, söhbetdeşimiz, başlangyç synp mugallymy Hallygözel Täşliýewa gürrüň berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde tarypyny edýän başlangyç synp mugallymymyz Hallygözel Täşliýewanyň iş tejribesi mekdepde ýaýradylýar.

Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaşlary barada yhlasly işleýän Hallygözel mugallymyň işi rowaç alýar.

Çary AMANGELDIÝEW.

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: başlangyç synp mugallymy Hallygözel Täşliýewa sapak wagtynda.
Surata düşüren awtor.