Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

04.12.2023

Sakarçäge etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşigi adygan hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginiň ekerançy kärendeçileri bugdaýdyr pagtanyň bol hasylyny ýetişdirip, ýokary netijeleri gazanyp gelýärler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hojalygyň gallaçy kärendeçileri 2301 gektar ýerde ýokary hilli ekiş geçirip, kadaly gögeriş almagy başardylar. Hojalykda bugdaýly meýdana kärendeçileriň 286-sy eýelik edip, yhlasly zähmet çekýärler. Bugdaýdan bereketli hasyl almak üçin möwsümleýin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegi zerur bolup durýar. Bu babatynda kärendeçiler ak ekini iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini geçirmek, suwarmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Göwnejaý ideg özüniň oňat netijesini hem berýär. Meýdanda eýegözin seredilýän ak ekinler ýaşyl öwsüp, gowy boý alyp, daýhanyň buýsanjyny artdyrýar. Aýjeren Akmyradowa, Agamyrat Nuryýew, Gülbahar Pygymowa ýaly ussat kärendeçiler işlemekde, bol hasyl almakda kärdeşlerine görelde bolýarlar. Hojalykda öz işiniň ussady hasaplanýan kärendeçiler başga-da az däl. Bugdaý agronomy Ýazgeldi Söýünow, topar ýolbaşçylary Ýazguly Durdyýew, Kakageldi Amangeldiýew ýaly hünärmenler hem meýdanda kärendeçileriň arasynda bolup, olara ýakyn maslahatçy bolýarlar.

Bugdaý ekişine taýýarlykdan başlap, tä hasyl ýygnalýança edilýän işler tehnikanyň kömegi bilen wagtynda ýokary hilli geçirilýär. Hojalyklarda tehnikalar tejribeli, ussat mehanizatorlara ynanylýar. Bu daýhan birleşiginde hem Bagtyýar Amangeldiýew, Kyýas Hangeldiýew ýaly mehanizatorlar ak ekinlere mineral dökünleri dökmekde, zyýankeşlere garşy himiki serişdeleri pürkmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Kärendeçileriň alkyşly sözlerine mynasyp bolýarlar.

Adygan daýhan birleşiginiň işe yhlasly kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanyp, üstümizdäki ýyly ýokary netijeler bilen jemlemäge çalyşýarlar. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent maksatly tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».