Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Çagalar bakja-baglarynda

20.11.2023

Her bir terbiýeçiniň mugallymyň ýaş nesillerimiziň bilimli hem terbiýeli bolmagy ugrunda alyp barýan irginsiz zähmetiniň bardygyny, onuň netijesinde bolsa çagalaryň, ene-atalaryň egsilmez alkyşyna eýe bolýandygyny aýtmak isleýärin. Şeýle terbiýeçileriň hatarynda Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mekdebe taýýarlyk bölüminiň “Günjagaz” atly ikinji toparynyň terbiýeçisi Laçyn Amanowanyň adyny uly buýsanç bilen aýtmak bolar.

Laçyn mugallym Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, indi, 24 ýyl bäri çagalara bilim hem terbiýe berip gelýär. Ol halypa mugallymlaryň iş tejribesinden özüne sapak edinip, ýaş nesilleriň döwür bilen aýakdaş gidip, dünýägaraýyşlarynyň giň, bilimli bolmagy ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Ussat mugallym welaýat, şäher derejesinde geçirilýän bäsleşiklerdir çärelere körpeleri bilen birlikde yzygiderli gatnaşýar.

Laçyn mugallym kärdeşi Olga Rafullaýewa bilen birlikde toparyndaky çagalaryň has sowatly hem bilimli bolmagy ugrunda jan aýaman işleýärler. Işine jür terbiýeçiler çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde, zehinini ýüze çykarmakda, olara türkmen hem rus elipbiýini öwretmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Terbiýeçileriň amatly şertlerde ýaş nesillere bilim hem terbiýe bermegi ugrunda mekdebiň müdiri Atajan Abdyllaýew hem-de müdiriň mekdebe taýýarlyk bölümi boýunça orunbasary Bilbil Ýazmyradowanyň tagallasy uludyr.

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: terbiýeçi Laçyn Amanowa çagalar bilen sapak wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.