Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

20.11.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem welaýatymyzyň “ak altyn” ussatlary üçin berekede beslenen ýyllaryň biri boldy. Zähmetsöýer, janypkeş pagtaçy kärendeçiler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek bilen baglanyşykly tagallalaryndan ruhlanyp, öndürijilikli zähmet çekýärler. Ýylboýy azap edilip kemala getirilen gowaça hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin welaýatda guramaçylyk işleri ýokary depginlerde geçirilýär.

Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň ýaşaýjysy, 200 gektardan gowrak ekin ýeriniň eýesi, telekeçi kärendeçi Ýusup Babaýew diňe bir etrapda däl, welaýat derejesinde hem öňdebaryjy ussat daýhanlaryň biri hökmünde tanalýar. Ol ogly Süleýman Babaýewiň, işçi Garýagdy Muhammedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde 102 gektarda “ak altynyň”, 31 gektarda gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdiripdir. Şeýle-de, geljek ýylyň hasyly üçin 110 gektara ak bugdaýyň tohumyny sepipdir. Oňat gögeriş alan bugdaýly atyzlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg işlerini alyp barýar.

Häzirki güne çenli Ýusup aga bereketli pagta meýdanyndan 265 tonna “ak altyn” hasylyny Watan harmanyna goşant edipdir. Meýdanda pagta kän. Ýetişdirilen hasyly isrip etmän ýygnap almak üçin, ýüwrük elli ýygymçylar Gyzylgül Babaýewa, Gözel Gurtgeldiýewa, Merjen Bekgiýewa beýlekilerden tapawutlanyp işleýärler. Pagtaly meýdany hasyldan saplap barýan pagta ýygyjy kombaýnlaryň işleýşini synlap, olaryň pagtaçy kärendeçiniň ýakyn kömekçileridigine guwanjyň goşalanýar.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: pagta meýdanyndan iş pursaty.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.