Maslahat geçirildi
27.02.2021
Ýakynda welaýat kitaphanasynyň guramagynda kitaphananyň okalga zalynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gunça Ataýewa, «Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi, şahyr Annageldi Källiýew, Mary etrabynyň Milli goşun geňeşliginiň ýaşaýjysy, şahyr Muhammetjuma Hydyrow çykyş etdiler. Şahyrlar bilen kitaphanaçylaryň arasynda bolan söhbetdeşlikde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň il- -ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleri, döwet galamyndan dörän ajaýyp eserleri, şanly Garaşsyzlygymyzyň beren miweleri, şeýle-de, kitaphana ulgamyndaky özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Bu ýerde Arkadag Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýaly many-mazmuna baý, ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti barada aýratyn nygtalyp geçildi. Şahyrlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerini, hemişelik Bitaraplygymyzy, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän goşgularyny uly ruhubelentlik bilen okadylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan milli Liderimize alkyş aýtdylar.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.