Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bag — durmuşyň bezegi

20.11.2023

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji noýabrynda eziz Diýarymyzy gurşap alan güýzki bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan bag ekmek maksatnamasy, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazardan halkymyzyň sagdyn ýaşaýşy üçin zerurlyk bolup durýar. Şeýlelikde, ilatly ýerleriň daşyny gurşap alýan täze tokaý-gorag zolaklarynyň döredilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Öz çäklerini gitdigiçe giňeldýän şäherdir obalaryň eteklerinde kemala gelýän gök zolaklar adamlaryň ýaşaýşy hem saglygy üçin örän bähbitlidir Hakykatdan hem gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly: “Bu gün bagy-bossanlyga öwrülýän türkmen topragyna gözüň düşende göwünler galkynýar”. Maksatnama görä ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek üçin her ýylda 3 million düýp bag nahallaryny ekmek, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek indi asylly däbe öwrüldi.

Eziz Watanymyzy jenneti mekana öwürmek üçin, ýaşaýşyň bezegi bolan bagy-bossanlyklary döretmek boýunça asylly işden hiç kim çetde durmaly däldir. Sebäbi, arassa tebigat, jana şypa beriji tämiz howa adamzada iň uly baýlyk bolan sagdynlyk, şähdaçyklyk paýlaýar.

Milli tokaý maksatnamasy daşky gurşawy goramagyň, onuň ekologik we azyk üpjünçiliginiň meselelerini çözmegiň döwlet strategiýasynyň wajyp bölegidir. Ýurdumyzyň Milli tokaý maksatnamasyna görä, geljekde Diýarymyzyň dürli künjekleriniň toprak-howa şertleriniň aýratynlygyna görä tokaýlary dikeltmek, döretmek boýunça ylmy tarapdan işlenen, täzeçe, netijeli, peýdaly işler durmuşa geçiriler.

I. GELDIÝEW.