Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Hasyl toýuna

20.11.2023

Güýz pasly berekede baý pasyl. «Jüýjäni güýz sanaşarys» diýilýän döwürde edermen daýhanlarymyz bütin ýylyň dowamynda ene ýere hyzmat edip, ýetişdiren hasylyny ýygnaýar. Altyn güýzüň ajaýyp günlerinde janypkeş daýhanlaryň çekýän halal zähmetiniň şanyna Hasyl toýy uly dabara bilen bellenilýär. Ýurdumyzda galla, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini ýetişdirýän, topraga alyn derini siňdirýän daýhanlarymyza belent sarpa goýulýar. Hasyl toýy daýhanlaryň çekýän zähmetine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýunyň bellenilmegi daýhanlaryň çeken zähmetiniň miwesini görmäge mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýer eýesi bolan daýhana işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl almaga, halal zähmeti bilen bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Daýhanlara tehniki hyzmatlar, tohum, dökün ýeňillikli bahadan berilýär, şeýle hem hasaplaşyk işleri öz wagtynda geçirilýär. Ýerleriň uzak möhletleýin berilmegi rysgyny toprakdan gözleýän daýhana has-da öndürijilikli işlemäge, daşary ýurtdan getirilýän önümleriň özümizde öndürilmegine, oba hojalyk ekinleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga giň ýol açýar. Özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan ýer eýeleri topraga hyzmat edip, bugdaýdyr pagtanyň we gök ekinleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Şeýlelikde, bereket-bolçulygy alamatlandyrýan Hasyl toýuna zähmet üstünlikleri bilen gelýärler. Dabara bilen bellenilýan bu toý daýhanlaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Şeýle toýly günde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen öňdebaryjy daýhanlara, zähmet ussatlaryna Şa serpaýlary ýapylýar, hormatly atlar dakylýar. Bu şatlykly pursat olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülýär.

Garaşsyz Diýarymyzy baýramlaryň mekanyna öwren, daýhanlaryň ýerden bereketli hasyl almagy, çekýän zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, belent maksatly işleri rowaçlyklara beslensin! Toýly mekanda toýlarymyz toýlara ulaşsyn!

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».