Döwrümiziň ajaýyp binalary
20.11.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, saglyk ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolunýar. Gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Öňden bar bolan hassahanalaryň we saglyk öýleriniň durky düýpgöter täzelenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ynsan saglygyny berkitmek, dikeltmek, hem-de gorap saklamak üçin beýik başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar.
Saglyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň rowaç alýandygyny biz her bir ädimde görýäris. Soňky ýyllaryň içinde biziň welaýatymyzda hem saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Golaýda Baýramaly etrabynyň Şöhrat şäherçesinde ýerleşýän Baýramaly hassahanasynyň 4 gatly, 301 orunlyk, 7 sany binasynyň «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2023-nji ýylyň iň ýokary hilli enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, durkunyň täzelenmegi ähli raýatlarymyzyň belent başyny göge ýetirdi. Bu hassahananyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri, talyp ýaşlar we etrabyň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk konsertlerine giň orun berildi. Dabarada çykyş edenler ynsan saglygyny ähli zatdan ýokary goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýparça AKYMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: hassahananyň açylyş dabarasydan pursatlar.
Suratlary düşüren Döwlet MUHAMOW.