SAGLYGYŇ GADRYNY BILGIL …
10.11.2023
Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar Güýz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň. Burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalyň! С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.
Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň. Özbaşdak derman serişdelerini, şol sanda antibiotikleri ulanmaň! Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymyny öz wagtynda alyň!
Güýz paslynda sagdyn iýmitlenmek üçin, kakadylan we şöhlat önümlerini ürç edip iýmeklikden saklanmaly. Gök önümleri kabul edeniňizde, arassaçylyk talaplaryny berjaý etmegi unutmaň!
Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli kabul ediň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.