Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

El hünäri — il gezer

10.11.2023

Türkmen halky gyz-gelinlere aýratyn sarpa goýup, olaryň keşde çekilen lybaslarynyň, bezeg şaý-sepleriniň aýratynlygyna, aýratynam, milli geýinmek medeniýetine uly üns beripdirler. Aslynda, geýinmek medeniýetiniň millilik bilen baglanyşdyrylmagy asyllylygy, tämizligi, gözelligi döredipdir. Her bir zenan maşgalanyň edebine, onuň geýnen egin-eşiklerine görä baha berilipdir. Milli geýinmek ynsanyň diňe daşky görnüşini däl, eýsem, içki dünýäsini hem gözelleşdirýär. Şonuň üçin türkmen zenanlary uzyn ýeňli, ýakaly, giň we ýanly köýnek geýseler, olar örän gelşikli we asylly görünýärler.

Toý-baýramlarda gelin-gyzlaryň millilige ýugrulan al-elwan reňkli lybaslary gülzarlygy ýadyňa salýar. Biri-birinden gelşikli we owadan tikilen milli egin-eşikleriň haýsysyny alanyňda-da, milli däp-dessurlarymyza buýsanmazlyk mümkin däl. Muňa mysal getirenimizde, durmuşa çykýan gyzyň bukjasyndaky egin-eşikleriniň el işleri, ýagny, keşde, gaýma, köjeme hem nepis örülen alajalar bilen bezelmegi buýsanjyňa buýsanç goşýar. Bularyň ählisi biz — zenanlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr we mukaddeslikdir.

Akgözel AKYÝEWA.
Mary etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, TZB-niň işjeň agzasy.