Bol hasylyň aladasy
10.11.2023
Halkymyzda «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýlip aýdylan ajaýyp bir jümle bar. Hakykatdan-da, toprak maňlaý derini aýaman zähmet çekýäne berekedini bolluk bilen eçilýär. Munuň şeýledigine rysgyny toprakdan gözleýän her bir ynsan oňat düşünýär.
Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Aşyr Aşyrow hem birnäçe ýyllaryň dowamynda toprak bilen iş salşyp, bu ugurda tejribe toplan kärendeçileriň biri. Aşyr aga 14 gektar ýere eýelik edip, ýylyň-ýylyna bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirýär. Üstümizdäki ýylda 9 gektar ýerde bugdaýyň, 5 gektar ýerinde bolsa «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrdy. Bugdaýdan boşan meýdanyň 3 gektarynda gant şugundyrynyň bitginli hasylyny ýetişdirdi. Ol gant şugundyryny ekmek bilen ekin dolanyşygyny amala aşyrýar. Gant şugundyryndan boşan toprak gurplanýar, haşal otlardan arassalanýar. Bu ekini ýetişdirmekde «Maryşeker» kärhanasy, daýhan birleşigi kärendeçilere ähli mümkinçilikleri döredýär. Kärendeçiniň ýetişdiren şugundyryny synlanyňda, «Maryşeker» kärhanasy bilen baglaşylan meýilnamany abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynanýarsyň. Aşyr Aşyrowa ejesi Nurjemal gelneje, kakasy Gurbanmyrat aga, gelni Gülnabat gelneje, ogullary Guwanç, Begenç ýakyndan kömek berýärler.
— Tohum, dökün, tehnika babatda ähli mümkinçilikler döredilýärkä, tabşyran hasylyň üçin hasaplaşyk işleri wagtly-wagtynda geçirilip durka daýhana diňe gaýratly işläýmek galýar. Her bir kärendeçi bol hasyl almagyň sebäbini topraga edýän hyzmatyňdadygyna, yhlasyňdadygyna oňat düşünýär — diýip, tejribeli ýer eýesi gürrüň berýär.
Biz hem dabaraly belleniljek Hasyl toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýan Aşyr Aşyrowa hormatly Prezidentimiziň saýasynda hemişe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuwlaýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: Aşyr Aşyrowyň şugundyrly meýdanynda.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.