Bilimli nesil — kuwwatly Watan
30.10.2023
Galkynyşly döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde, täze eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýaş nesil hakyndaky şu aladanyň eşretli ertirimiziň kepilidigi hemmämize äşgär hakykatdyr. Şonuň üçinem bilim işgärleriniň üstüne örän wajyp wezipe düşüp, onuň hötdesinden gelmek üçin her bir bilim işgäri şahsy jogapkärçiligini duýmalydyr.
Men okuwçylara taryh dersinden sapak berip, zähmetiň ýokary netijesi ugrunda yhlas edýärin. Irginsiz zähmetim, ýadawsyz tagallalarym, halypa kärdeşlerimden öwrenýänlerim kärimiň inçe syrlaryny ele almagyma ýardam edýär. Elbetde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň köp asyrlyk şan-şöhratly taryhy bar. Aslynda, ýaş nesle taryh dersinden okatmagyň jogapkärçiligi ýaş nesilde Watana, şöhratly geçmişimize, türkmen topragyna söýgini, guwanç we buýsanç duýgularyny terbiýelemekde jemlenýär. Şonuň üçinem men geçýän sapaklarymyň gyzykly we täsirli bolmagyna çalyşýaryn. Taryh dersinden bilim berlende okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanylmagynyň netijesi ýokary bolýar. Sebäbi, geçilýän tema boýunça berilýän gürrüň okuw-görkezme esbaplary bilen baýlaşdyrylanda sapagyň täsirliligi, ýatdagalyjylygy ýokarlanýar.
Öwrenilýän temany okuwçylar düýpli özleşdirýärler. Açyk sapaklaram kärdeşlerim bilen tejribe alyşmagyma bähbitli täsirini ýetirýär. Dürli bäsleşiklere gatnaşmagam iş tejribämiň baýlaşmagyna ýardam edýär. Şonuň üçinem geljekde dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy maksat edinýärin.
Nesil terbiýesi bagtly geljegimiziň aladasy. Şonuň üçinem has tutanýerli zähmet çekip, jogapkärli kärime has-da ökdelemäge hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly üstünliklere beslenmegine mynasyp goşandymy goşmaga çalyşýaryn.
Merjen DÖWRANGELDIÝEWA.
Mary şäherindäki 15-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.