Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmen alabaýynyň baýramyna

30.10.2023

Aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri-de alabaý itleridir. Türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar, şeýle hem tohum itleriň arasynda iň naýbaşysy hasaplanylýar. Ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, ony dünýä ýaýmakda, geljekki nesillere ýetirmekde uly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem türkmeniň wepaly dosty bolan alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamak hem-de baş sanyny artdyrmakda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýolda wepaly ýoldaş, mal bakaňda ýakyn kömekçi, öýüňde sak goragçy bolan alabaýlar duýgurlygy, hüşgärligi, eserdeňligi bilen tapawutlanýar. Olar duýgurlygy bilen aňyrdan gelýän adamyň nähili niýetdedigini anyklap bilýärler. Şonuň üçinem olar serhetçilerimiziň hem kömekçisi bolup hyzmat edýär.

Halkymyzyň arasynda “It geldi — gut geldi” “Itim — gutum” diýlip aýdylan ajaýyp sözler bar. Bu ýerde “Gut” sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagy bilen alabaýlaryň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi görkezilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyny okanyňda hem alabaý itleriniň nusgalykdygyna göz ýetirse bolýar. Bu kitapda itler bilen baglanyşykly rowaýatlaryň, gyzykly gürrüňleriň berilmegi, alabaýlaryň ýetişdirilişi, idedilişi baradaky maglumatlar her bir okyjyda uly gyzyklanma döredýär.

Häzirki wagtda türkmen alabaýlarynyň abraýyny artdyrmakda döwlet derejesinde tagalla edilýär. Bu babatynda türkmen alabaýynyň baýramynyň uludan bellenilmegi hem uly mana eýedir. Munuň özi bolsa, halkymyzyň alabaýlara aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen alabaýlarynyň at-abraýyny artdyryp, olary dünýä tanatmakda taýsyz tagallary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

D. KAKADURDYÝEWA.