Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

30.10.2023

Ülkämize sahawatly altyn güýzüň gelmegi bilen pagtaçy kärendeçi ýylyň dowamynda päk zähmeti bilen ýetişdiren hasylyny ýygnamak işini gyzgalaňly alyp barýar. «Ak altynly» pellerdäki ak hanalar daýhanyň guwanjy bolup, ýer eýesini tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Şu günler welaýatymyzda ýetişdirilen pagtany ýygnamak işi guramaçylykly dowam edýär.

Murgap etrabynyň «Çäçdepe» daýhan birleşiginiň «ak altyn» ussatlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň pagta ýygymyna taýýarlykly girişdiler. Hojalykda «Arkalaşan dag aşar» diýlişi ýaly, pagtaçy kärendeçiler, hünärmenler biri-birine goldaw berip, agzybirlikli zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde topraga hyzmat edip, rysgal-berekedi şondan gözleýän ýer eýeleriniň birnäçesi bar. Olaryň arasynda telekeçi Nazargeldi Akylyýew hem ýeriň tabyna düşünip, toprakdan bereketli hasyl öndürip, öz kärdeşlerine görelde bolmagy başarýar. TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň başlygy Oguljan Baýramgylyjowa bilen söhbetdeş bolanymyzda: “Nazargeldi aga etrabymyzda adygan kärendeçileriň biri. Ol ýylyň-ýylyna bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrýar. Şeýlelikde, oba hojalygynyň ösmegine mynasyp goşandyny goşýar” diýip gürrüň berdi. Nazargeldi aga mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň bellenilen ýylynda 29 gektar ýerinde gowaçanyň boldumly hasylyny ýetişdirdi.

Nazargeldi aganyň kärende ýerindäki patrak kimin açylan pagta hasylyny synlanyňda, göwnüň göterilýär. Bu bolsa, onuň topragyň diline düşünip, yhlas bilen zähmet çekýändiginden habar berýär. Ýer eýesi ýetişdiren hasylyny wagtynda ýygnamak maksady bilen irgözinden ýygyma başlady. Bu barada kärendeçi şeýle gürrüň berýär:

— Pagta hasylyny diňe bir maşgala agzalaryň bilen ýygnamak mümkin däl. Bu işde bize ýygymçy gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Olar «Ýaryşly iş —ýeňişli iş» diýlişi ýaly, özaralarynda bäsleşip işleýärler. Şeýlelikde, gündeki ýygýan pagtalarynyň möçberini artdyrmaga çalyşýarlar. Ýygymçylar — Aýgül Berdiýewa, Çemen Arykowa, Selbi Akyýewa, Ýazjemal Gurbanowa tapawutlanyp, beýlekilere görelde bolýarlar.

Biz hem hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, halal zähmet çekýän N. Akylyýewe işlerinde üstünlikleri arzuw edýäris.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru-şahu jahan.
SURATDA: Nazargeldi Akylyýew ýygymçylar bilen.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.