Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

El hünäri — il gezer

14.10.2023

Häzirki wagtda gyz-gelinleriň on barmagyndan döreýän alajalar durmuşymyza mäkäm ornaşyp, hemmelerde uly isleg döredýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerinde alajalaryň gözelligini görmek bolýar. Hut şonuň üçinem, geçmişden geljege dowam edip gelýän bu nepis sungat boýlarymyzy, öýlerimizi, toýlarymyzy bezeýär. Il-günümiziň baky buýsanjy bolan alajalaryň gözelligi diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä halklarynda hem uly täsir galdyrýar.

Ogulabat ejäniň el işleriniň geljekki nesillere ýetirilmegi biz — zenanlary, diýseň, guwandyrýar.

Mährem enäniň bejeren kürtesi, ören gülli jorabydyr alajalary türkmen zenanlarynyň buýsanjyna öwrüldi. Çünki, Ogulabat ejäniň el işlerinde zenan ýüreginiň mähribanlygy, näzikligi, sadalygy jemlenendir. Milliligiň ajaýyp nusgasy bolan dürli alajalar adamzadyň durmuşyny, esasan-da, zenan dünýäsini gözelleşdirýär.

Arzygül HALLYÝEWA.
TDEI-niň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.