Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

14.10.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp, dürli çäreler geçirilýär.

Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly barada näçe aýtsak-da, az bolýar. Öz ýurduny jandan söýen, halkyny gözüniň göreji ýaly gören dana şahyryň döredijiligi bu gün äleme ýaň salýar.

Akyldar şahyryň belent şahsyýeti, dana döredijiligi diňe bir Ýakyn hem Orta Gündogaryň gadymy halklaryndan biri, hut öz tebigy ýaradylyşy boýunça şahyrana hem şahandaz türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň köpasyrlyk taryhynda däl, bütin Gündogaryň ummasyz giň edebiýat äleminde-de örän uly hadysa boldy. Şonuň üçin-de onuň pähim-paýhasdan doly, hemme zady öz içine alýan, çuňňur filosofiýa ýugrulan, şol bir wagtyň özünde-de ýokary çeperçilik ussatlygy bilen tapawutlanan, umumadamzat meselelerine bagyşlanan ajaýyp poeziýasy türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan örän gymmatly goşandydyr.

Magtymgulynyň dana döredijiligi halkymyzyň şahyrana-filosofik pikirleriniň ajaýyp gymmatlygydyr. Ol taryhy asyrlar bilen däl-de, müňýyllyklar bilen ölçenilýän medeni hem ebedi mirasyň kanunalaýyk dowamydyr, onuň gojaman geçmişiniň jümmüşine uzalyp gidýän ruhy dagynyň iň belent gerşidir.

Magtymguly tarpdan döremändir, munuň üçin halkymyzyň gözbaşyny biçak uzaklardan alyp gaýdýan asylly edebi däpleri-de, onuň şeýle akyldary dünýä bermäge bolan düýpli mümkinçilikleri-de ýeterlik bolupdyr. XVIII asyryň içinde bolsa şeýle dananyň döremegi üçin güýçli zerurlyk-da, şoňa mümkinçilik berjek şertler-de emele gelipdir. Ýöne munuň üçin diňe zerurlyk bilen amatly şertleriň bolmagy-da ýeterlik däl. Munuň üçin tebigy zehiniň gudratly güýji, ylhamyň joşgunlygy, dünýägaraýşyň çuňňurlygy, gözýetimiň ummasyz giňligi, kalbyň päkligi, pähim-paýhasyň belentligi bilen özgelerden aýratyn tapawutlanyp duran kämil hem belent şahsyýet-de gerekdi.

Akyldar şahyr öz Watanyny, il-gününi jany-teni bilen söýüpdir, özüniň bütin ömrüni Watanyna, onuň abadançylygyna bagyşlapdyr. Şonuň üçin hem Watan, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiliginde iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Bu meselede Magtymguly “Türkmeniň”, “Ýeli Gürgeniň”, “Depe nedir, düz nedir”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Gidiji bolma”, “Mert bolmaz” ýaly we şuňa meňzeş köpsanly goşgulary düzüpdir. Il-ýurduny söýmek, ony goramak, oňa hyzmat etmek pikiri bu hili goşgularyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Magtymgulynyň döredijiliginde adamkärçilik häsiýetlerini terbiýeleýän öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar görnükli orun tutýar. Sebäbi, Magtymgulynyň döwründe bir adamyň üstünden beýleki bir adamyň agalygyna esaslanýan adalatsyz jemgyýet adamlaryň arasynda her hili ýaramaz edim-gylymlaryň, gylyk-häsiýetleriň ýüze çykmagyna, olaryň köpelmegine şertleri häzirläpdir. Şonuň üçin hem akyldar şahyr durmuşyň ol nogsanlyklaryna garşy göreşmegi, halkyň ahlak arassalygyny gorap saklamagy özüniň borjy hasaplapdyr.

Türkmen edebi diliniň döredilmeginde we ösdürilmeginde Magtymgulynyň hyzmaty örän uludyr. Ol edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Şonuň üçin hem ol öz eserlerinde halk köpçüliginiň ýüregindäki arzuw-duýgulary düşnükli we sada dilde berlipdir. Ol halk dilini ösdüripdir we baýlaşdyrypdyr. Magtymguly Pyragy her bir sözüň gysga, düşnükli hem-de manyly bolmagy üçin çalşypdyr we onuň hötdesinden gelip bilipdir. Diýmek, Magtymguly Pyragy bütin dünýä, ähli adamzat barada pikir öwürýän, alada edýän, ynsana dogry ýol görkezmegi başarýan dünýäniň beýik danasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligine aýratyn gadyr goýup, doglan gününiň şanly senesi barada oýlanyp, ýazan täze goşgusynda:

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy —

— diýmek bilen, ony şygyr şalygynyň şasyna meňzedýär.

Galina RAHIMOWA.
“Maru — şahu jahan”.