Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi
14.10.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli pudagynda bolşy ýaly, saglyk ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolunýar. Has takygy, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap hassahanalardyr saglyk merkezleri, saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Öňden bar bolanlarynyň bolsa, durky düýpgöter täzelenilýär.
Her bir güni toýdur baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi uly dabara bilen belläp geçmek indi asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu baýramçylygyň şanyna ajaýyp çäreler guraldy. Ýurdumyzyň ähli ýerinde welosipedli ýörişler geçirildi. Şeýle-de, welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda dürli baýramçylyk çäreleridir konsertler geçirildi. Şeýle çäreler Mary şäheriniň iç keselleri hassahanasynda, Baýramaly şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynda uly dabara bilen guraldy. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahanada hünär baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirilip, onda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow we beýlekiler çykyş edip, ak ýektaýly lukmanlara ak arzuwlar etdiler. Şeýle-de, bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Guralan baýramçylyk çäreleriniň dowamynda göreldeli lukmanlara we hünärmenlere Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary uly dabara bilen gowşuryldy.
Hünär baýramçylygy mynasybetli welaýatymyzyň şepagat uýalarynyň arasynda “Ýylyň şepagat uýasy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde baş baýraga welaýat çagalar hassahanasynyň şepagat uýasy Sona Öwezowa mynasyp boldy.
Ynsan saglygy ugrunda gijesini gündiz edip zähmet çekýän lukmanlarymyzyň yhlasly işlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
Suratda: baýramçylyk çäresinden pursat.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.