Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmenistan we ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar

14.10.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Dünýä döwletleri bilen, şol sanda iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Has takygy, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şu günki gün ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Muňa Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde ýurdumyzyň mekdepleriniň 6-synyň ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepler toruna goşulandygyny we ol mekdeplere dabaraly ýagdaýda şahadatnamalaryň gowşurylandygyny mysal getirmek bolar. Şol mekdepleriň arasynda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň hem bolmagy bizi, diýseň, begendirýär, buýsandyrýar.

Umuman aýdanymyzda, dünýäniň 182 ýurdundan 12 müň töweregi bilim edarasyny özünde jemleýän “ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleri” taslamasy 1953-nji ýyldan bäri hereket edýär. Bu taslamanyň esasy maksady çagalarda dünýä medeniýetleriniň arasyndaky gatnaşyklary netijeli ösdürmekden, olara ýaşlykdan döredijilik, medeni gymmatlyklaryny sarpalamagy, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ýola goýmagy ündemekden ybaratdyr. Şeýlelikde, bilim edaralarynda ÝUNESKO-nyň alyp barýan işini içgin öwrenmek maksady bilen okuw sapaklary berilýär.

Ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryna sarpa goýýan, ýaş nesilleriň bilimli bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.