“Ak altyn” — 2023
14.10.2023
Pagta dokma senagatynyň çig maly bolup, ondan alynýan önümler durmuşumyzda gerekli harytlaryň hatarynda durýar. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda “ak altynyň” bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Indiki wezipe hem ýetişdirilen hasyly wagtynda, ýitgisiz ýygnamak bolup durýar.
Baýramaly etrabynyň «Merw» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem «ak altyny» ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakda öz ussatlyklaryny görkezýärler. Olar ýygym möwsümine öňünden taýýarlykly gelip, badalga berlen gününden hasylyň bir übtügini hem yrýa etmän ýygnamaklyga guramaçylykly girişdiler. Bu işi diňe bir maşgala agzalaryň bilen ýerine ýetirmek mümkin däl. Hojalykda pagta ýygymyny üstünlikli amala aşyrmak üçin birnäçe kömekçi gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Kömekçi gelin-gyzlaryň birleşen tagallasy netijesinde günde 3,5 — 4 tonna golaý pagta ýygylyp, pagta harmany barha beýgelýär. Özara ýaryşa gatnaşýan ýygymçylary höweslendirmek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşurylýar. Golaýda hem TDP-niň etrap komitetiniň jogapkär işgäri Kakageldi Mämmedow has köp pagta ýygyp, tapawutlanýan ýygymçylary TDP-niň etrap komitetiniň adyndan höweslendiriş sowgatlary bilen serpaýlady. Kömekçiler «ak altyny» üstünlikli ýygnamak işine mundan buýana hem mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrýarlar.
Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda halal zähmet çekýän pagtaçy kärendeçilere “Harmanlaryňyz beýgelsin! Kesbiňizden kemal tapyň!” diýýäris.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: sowgat gowşurylyş pursaty.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.