Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

6-njy oktýabr Hatyra günüdir

13.10.2023

Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten ruhy gymmatlyklarymyza, asylly däp-dessurlarymyza dolanmaga giň mümkinçilikler açyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de gadymy däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge zerur şertler döredildi. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilip geçilmegem ýokarda ýatlanymyza mysaldyr.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije Aşgabatda bolup geçen tebigy betbagtçylyk türkmen iliniň başyna apat bolup inipdi. Şol gije bolan güýçli ýertitremesi netijesinde ildeşlerimiziň onlarça müňüsiniň ömür tanapy üzülipdi. Ondan bäri onlarça ýyl geçse-de, bu tebigy betbagtçylygyň salan ýarasy entekler biter ýaly däl.

Asylly däbine eýerýän dana halkymyz şol gün öten-geçenlerini hormat bilen ýatlaýar we hatyralaýar. Hatyra güni türkmen halky Watan üçin wepat bolan merdana gerçeklerini, öten-geçen ildeşlerimizi hatyralaýar. Sadaka berlip, merhumlarymyzy ýatlamak ýurdumyzyň çar künjeginde bellenilip geçilýän Hatyra gününiň asylly ýörelgesi bolmak bilen, sadakalarda aýat-töwir okalyp, ýagşy doga-dilegler edilýär. Sebäbi, aramyzdan giden dogan-garyndaşlarymyzy hatyralamak bilen sogap iş edilýär. Gadymy we dana halkymyzyň nurana ruhuna mahsus hakyda hatyrasy il-günümiziň geçmişiniň hemme döwründe-de orun alypdyr we bu ýol-ýörelge biziň günlerimizde-de dowam edýär.

Hatyra gününde berlen sadakalar, okalan aýat-töwirler hem-de edilen ýagşy dilegler kabul bolsun! Öten-geçen ildeşlerimiziň ruhlary şat, jaýlary jennetden bolsun!

B. MERGENOW.