10-njy oktýabr — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni
13.10.2023
Saglyk ulgamy boýunça ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly işler bitirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şeýle-de, ýurdumyzyň çäginde hereket edýän, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky düýpgöter täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy saglyk ulgamynda zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlarymyzy, diýseň, begendirýär.
Soňky ýyllaryň içinde saglyk merkezleridir hassahanalaryň, saglyk öýleriniň biziň welaýatymyzda-da yzygiderli gurlup, ulanylmaga berlendigini aýratyn bellemek gerek. Olarda zähmetden serpaýly ak ýektaýly lukmanlarymyza halkyň hyzmatynda bolmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de, welaýatymyzda hereket edýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahananyň ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilmegi halkymyzyň saglygy ugrunda edilýän aladalaryň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gadymy Mary topragyna iş saparyny amala aşyryp, welaýat çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalar hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş bolup, olara uly goldaw bermegi buýsançly wakadyr. Gahryman Arkadagymyzyň hassahananyň işgärlerine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Drager” kompaniýasynyň “Savina 300” kysymly emeli dem beriş enjamyny, sebitde deňi-taýy bolmadyk fiziologiki monitoryny, döwrebap hem ýokary hilli ilkinji kömek enjamlary bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglaryny gowşurmagy diňe bir saglygy goraýyş işgärlerini däl, eýsem, bütin welaýatymyzyň raýatlaryny, diýseň, begendirdi. Şeýle-de, çagalaryň haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna hassahanamyzda we Aşgabatdaky hassahanalarda operasiýa edilmegi olaryň ene-atalaryny has-da buýsandyrdy.
Saglyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň rowaç alýandygyny biz her bir ädimimizde görýäris. Bu ulgamda yhlasly zähmet çekip, ynsan saglygy ugrunda irginsiz aladalanýan ak ýektaýly lukmanlara ildeşlerimiziň hoşallygy egsilmezdir. Şeýle jogapkärli wezipede jan aýaman zähmet çekýän lukmanlaryň, hünärmenleriň hünär baýramyny bellemek bolsa, indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Golaý gelýän bu hünär baýramçylygy bilen ähli saglygy goraýyş işgärlerini gutlaýarys. Olaryň ýeňil bolmadyk işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Şeýle ajaýyp zamanada, eşretli, abadan durmuşda ýaşamaga, işlemäge, okamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkyň saglygy babatynda irginsiz aladalanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, ynsan saglygynyň dikelmegi ugrunda aladalanyp, hemaýat goldawyny berýän Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Musaguly ÇARYÝEW.
Welaýat çagalar hassahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi.