Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi: ösüşlere badalga
13.10.2023
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň uly toýunyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakasy boldy. Bu mejlis “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähime eýerýän gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli demokratiýasynyň dabaralanmasy boldy. Bu ählumumy forumda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlary maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde durýan wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanan üstünliklerini has-da berkitmek esasy wezipämizdir. Şonuň ýaly-da, gazanylan ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan türkmen ýaşlaryny ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr. Mejlisde ýurdumyzy ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde hem-de durnukly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljek döwrüň öňe çykarýan derwaýys wezipelerini durmuşa geçirmegiň çözgütleri seljerildi.
Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, biziň ýeňişlerimiziň hem-de uly üstünliklerimiziň, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň gözbaşynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Çünki, Garaşsyzlygymyz döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga ylham berýär. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda döwrüň öňümizde täze-täze wezipeleri goýýandygyny, biziň döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de milli nusgamyzyň döwlet syýasatynyň binýatlyk esaslaryny düzýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda Garaşsyz Türkmenistanymyzyň ýeňişli sepgitlerine jikme-jik seljerme berip, ýetilmeli belent sepgitleriň üstünde durup geçdi. Ykdysadyýetde, ýangyç-energetika, obasenagat toplumlarynda, gurluşykda, ulag ulgamynda, sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmakda gazanylan we gazanylýan üstünliklere ünsi çekip, döwletimiziň ykdysady syýasatynyň baş maksadynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdygyny belläp geçdi. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň Galkynyşly döwrümizde döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy, ylym-bilim, medeni ugurlarda gazanylan netijeler bilen birlikde, bitirilmeli tutumly işleriň üstünde durup geçdi. Şu ählumumy forumda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy mejlise gatnaşyjylar bilen birlikde, il-günümizde guwanç duýgusyny döretdi.
Her güni uly üstünliklere beslenip, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýeňişli menzilleri ýol alýar. Şanly ýylymyzy ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrmagy maksat edinýän türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda abadan ertirine ynamly gadam urýar. Bu ýol bolsa, bagtyýarlygymyzyň aýdyň ýoludyr.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.