Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

04.10.2023

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe berýän bilim işgärleri şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp işleýärler.

Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Sakarçäge etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen 45-nji orta mekdepde yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň ýürekleri buýsançdan doly. Mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gyzylgül Çaryýewa ýaşlygyna garamazdan, çagalara bilim-terbiýe bermekde döredijilikli zähmet çekýär. Ol ýaş nesillere bilim bermekde görkezme esbaplaryndan peýdalanýar we okuwçylaryň sowatly bolup ýetişmeklerini gazanýar.

SURATDA: başlangyç synp mugallymy Gyzylgül Çaryýewa iş pursatynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.