Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi
04.10.2023
Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Türkmen halky bu gün öz bagtyna — Garaşsyz, özbaşdak ýurdunyň mizemez parahatçylygyna buýsanýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy.
Düýn ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň toýy mynasybetli guralan dabaralar şatlyk-şowhuna beslendi. Bu şanly sene mynasybetli Mary şäheriniň merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynda bolan Baýdak galdyrmak dabarasy hem baýramçylyk gutlaglarydyr şirin aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Oňa welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işgärleridir işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mukaddes baýrama bagyşlanylan bu çäre Türkmenistanyň Döwlet senasynyň buýsançly owazy astynda Baýdak galdyrmak dabarasyndan başlandy. Soňra Ahal geofizika ekspedisiýasynyň geofizigi, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow, Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Allaýar Allakow, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Ogulnabat Agajanowa, Sakarçäge etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy Zybagözel Myradowa baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler hem-de ýakynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar — ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany adynyň dakylmagy baradaky ýürek buýsançlaryny joşgunly beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, beýik ösüşlerimiziň waspyny ýetirdi.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: baýramçylyk dabarasyndan pursat.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.