Saglygyň gadryny bilgil…
25.09.2023
Adam bedeniniň tebigy gurluşyna laýyklykda, uky bilen işjeňligiň, iýmit we gezelenjiň kesgitli çalşygy bolmalydyr. Her bir adam ömrüniň irki döwründen başlap, şeýle sazlaşykly gün tertibine uýgunlaşmalydyr we çagalaryny hem bu tertip-düzgüni her gün doly ýerine ýetirmek şertinde terbiýelemelidir.
Pasla görä geýniň, bu babatda çagalaryňyza hem gözegçilik ediň! Aşa ýyly, galyň geýinmek sebäpli gyzmak immunitetiň peselmegine getirip biler. Her gün ýaşaýyş jaýynyň otaglaryny ýelejiredip, yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçiriň! Çygly arassalaýyş işlerinden soňra, üzärlik tütedip, otaglaryň howasyny tämizlemeli.
Sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassa howada gezelenç etmeli. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, işjeň hereketde bolmaly.
Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymyny öz wagtynda alyň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.