Oba hojalygy: özgertmeler, ösüşler
25.09.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistan döwletimiz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere beslenýär. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, bagtly geljege sary ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan beýik işler, dabarasy dünýä dolýan wakalar taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle şanly seneleriň biri hem Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllyk toýunyň toýlanylmagydyr.
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak, erkinlik barada eden arzuwlarynyň wysal bolmagydyr. Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň ähli tarapdan gülläp ösmegine giň ýol açdy. Munuň şeýledigine ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, ýetilýän belent sepgitler hem subutnamadyr. Bu günki gün Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miwelerini her bir ädimde duýmak bolýar. Ýaşaýyş-durmuş şertleri barha gowulanýan halkymyz bagtyýar durmuşyň goýnunda bolelinlikde eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem uly ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu pudakda öndürilýän önümleriň, ene toprakdan alynýan hasylyň mukdary barha artýar. Her ýyl hem bugdaýyň, pagtanyň we beýleki gök önümleriň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bugdaýyň bereketli hasyly Watan harmanyna tabşyryldy. Şeýle hem Watanymyzyň gymmatly baýlygy bolan “ak altynyň” bitginli hasylyny kemala getiren pagtaçy kärendeçileriň gadamlary batly. Olar ekin meýdanlaryndaky bereket hasylyny wagtynda, ýitgisiz ýygnamaga girişip, bu işi guramaçylykly dowam etdirýärler.
Welaýatymyzyň zähmetsöýer ýer eýeleri şekeriň çig maly — gant şugundyrynyň bol hasylyny almak maksady bilen agrotehnikanyň talaplaryna görä, idegini ýetirýärler. Şeýle hem gök-bakja, ot-iýmlik ekinleriň, miweli baglaryň bol hasyly ýetişdirildi.
Mundan başga-da, ýurdumyzda ekerançylyk bilen birlikde maldarçylyk pudagy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Mallaryň baş sanyny artdyrmaga we önümliligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ak bazarlarymyzda, söwda nokatlarynda et we süýt önümleriniň bolçulygy halkymyzy diýseň begendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. Üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy ýokary ruhubelentlik bilen belleniler. Halkymyza eşretli günleri bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».