Sirk artistleri Mary topragynda myhmançylykda boldular
14.09.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ykdysady, söwda, medeni hyzmatdaşlyklar, dost-doganlyk gatnaşyklary barha rowaç alýar. Munuň şeýledigini biziň her birimiz ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryndan, medeniýet hepdeliklerinden, festiwallardan, kitap ýarmarkalaryndan, halkara sergilerinden hem bilýäris. Ýakynda bir hepdeläp ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýjy çykyşlaryny görkezip, olaryň söýgüsini gazanan daşary ýurtly sirk artistleriniň gadymy Mary topragynda myhmançylykda bolandygy hem dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, medeni hyzmatdaşlyklarynyň giň gerime eýe bolýandygyny aýan edýär. Has dogrusy, indi birnäçe wagt bäri Russiýanyň döwlet sirkiniň, Moskwanyň Wernadskiý şaýolundaky uly döwlet sirkiniň, Moskwanyň Nikulin adyndaky sirkiniň hem-de Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleri ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, özleriniň ajaýyp çykyşlaryny tomaşaçylara görkezýärler.
Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylaryna ruhy lezzet paýlap, olaryň sagbolsunlaryna eýe bolan howa gimnastlary, akrabatlar, žonglýorlar we beýleki sirk artistleri bir hepdäniň dowamynda Mary ilimizde özleriniň ajaýyp çykyşlaryny — haýwanlaryň, ýagny, aýynyň, gaplaňyň hem-de ýolbarsyň gatnaşmagynda dürli oýunlary, dürli žanrdaky çykyşlary, masgarabazyň gülküli hereketleri, žonglýor oýunlary, illýuziýa çykyşlaryny görkezmek bilen ildeşlerimiziň göwnüni göterdiler. “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň döwlet sirkiniň bilelikde guramagynda geçirilen sirk oýunlary hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olaryň sahnada özlerine erk edip bilşi, haýwanlar bilen dostlaşyp, olaryň kömegi bilen görkezen ajaýyp çykyşlary tomaşaçylary haýrana goýdy.
Daşary ýurtly sirk artistleriniň çykyşlarynyň dowamynda rus hem türkmen baýdaklarynyň şekilleriniň emele gelmegi, howa gimnastynyň çykyşynda türkmen baýdagymyzyň ýokarda parlamagy iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkdigini aýan etdi. Şeýle-de, guralan çykyşlaryň ahyrynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlar görkezildi. Toparyň görkezen çykyşlary tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen gyzgyn garşy alyndy.
Sirk artistleriniň çykyşlaryndan soň döredijilik toparymyz bilen bilelikde olar bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Şonda Moskwanyň Wernadskiý şaýolundaky uly döwlet sirkiniň artisti Witaliý Zaýes bilen söhbetdeş bolduk. Ol Türkmenistana ikinji gezek iş sapary bilen gelendigini, her gezek hem maşgalasy bilen birlikde ajaýyp çykyşy goýýandygyny aýtdy. Ol gelni hem-de gyzy bilen birlikde işlemegiň özi üçin gowudygyny aýratyn belledi. Daşary ýurtly sirk artistinden “Biziň sirk artistlerimiz bilen bilelikde işleşmek sizde nähili täsir galdyrýar?” diýip soranymyzda, “Türkmenistanly artistler bilen işleşmek biziň üçin örän gowy. Iki döwletiň artistleri bolup öz aramyzda iş tejribesini paýlaşýarys. Umuman aýdanymda, olaryň myhmansöýerligi, adamlar bilen gatnaşygynyň ýumşaklygy, mylakatlylygy mende aýratyn täsir galdyrýar. Bu aýdýanym diňe bir sirk artistlerine däl, eýsem, bütin türkmen halkyna degişli. Biz Türkmenistanyň eýýäm üç welaýatynda bolduk. Nirä barsagam bizi mähir bilen gyzgyn garşy alýarlar. Bu bolsa türkmen halkynyň myhmansöýerligini görkezýär” diýip, uly buýsanç bilen jogap berdi. Daşary ýurtly artistiň ýurdumyz, halkymyz babatyndaky aýdan ýyly sözleri bizde uly täsir galdyrdy.
S. ANNAGULYÝEWA.
SURATDA: ajaýyp çykyşlardan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.